Germaniýanyň ýygyndysy Ýewro-2024-iň pleý-off tapgyryna ýollanma alan ilkinji topar boldy

Germaniýanyň ýygyndysy Ýewro-2024-iň pleý-off tapgyryna ýollanma alan ilkinji topar boldy

Germaniýanyň ýygyndysy futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda Wengriýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy we özi üçin pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Duşuşyk Ştutgart şäherinde geçirildi.

Germaniýanyň düzüminde Jamal Musiala (22-nji minut) we Ilkaý Gündogan (67) tapawutlanmagy başardy.

A toparçasynyň beýleki oýnunda Şweýsariýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylary özara 1:1 hasabynda deň oýnadylar. Şotlandlaryň goluna Skott Maktominaý, şweýsarlaryň goluna bolsa Jerdan Şakiri awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, iki aýlawdan soňra A toparçasynda Germaniýa 6 utuk bilen liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Şweýsariýada 4, üçünji ýerdäki Şotlandiýada bolsa 1 utuk bar. Heniz utuk gaznyp bilmedik Wengriýa bolsa soňky orny eýeläp dur. Şundan görnüşi ýaly, Germaniýanyň ýygyndysy eýýäm 1/8 finalyň ýollanmasyny gazanmagy başardy.

Toparçadaky jemleýji oýunlarda Şotlandiýa Wengriýa bilen, Germaniýa bolsa Şweýsariýa bilen güýç synanyşar. Oýunlaryň ikisi hem 23-nji iýunda geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Ýewro-2024-de 6 toparça bölünen 24 sany ýygyndy gatnaşýar. Her toparçadan birinji we ikinji orunlaryň eýeleri, şeýle-de üçünji orny eýelän ýygyndylaryň has gowy netije gökezen dördüsi 1/8 final tapgyryna ýollanma alýar. Ýaryşyň final oýny 14-nji iýulda Berlin şäherinde geçiriler.

Şu gün, 20-nji iýunda Ýewropanyň çempionatynyň altynjy gününiň oýunlary bolup geçer. Günüň deslapky iki oýnunda С toparçasyndan orun alan ýygyndylar güýç synanyşarlar. Has takygy, Sloweniýa Serbiýa bilen, Daniýa bolsa Angliýa bilen oýnar. Günüň ahyrky duşuşygy B toparçasyndaky ýygyndylaryň arasynda bolup, onda Ispaniýa bilen Italiýa duşuşar.

Ýewro-2024-iň 20-nji iýundaky oýunlarynyň tertibi (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilendir):

Sloweniýa Serbiýa. 18:00; Daniýa Angliýa. 21:00; Ispaniýa Italiýa. 23:55.

Ýene degişli makalalar

20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Euro 2024-iň bijeleri çekildi
Dördünji günden soň türkmenistanly samboçylaryň yklym çempionatyndaky medallary 16-a ýetdi
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
“Bawariýanyň” ýoldaşlyk duşuşygynda-da nebsi agyranok 27-0
Çagalaryň saglygy baradaky alada bagtyýar geljegiň binýady