Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer ýurduň Maliýe, Ýustisiýa we Bilim ministrlikleriniň ýolbaşçylary Kristian Lindneri, Marko Buşmany we Bettinu Ştark-Watsingeri işden aýyrdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Prezident olara işden boşadylýandygy barada güwänamany gowşuryp, wezipede bitiren işleri üçin hoşallyk bildirdi. Ministrleriň üçüsi hem ýurduň Azat demokratik partiýasynyň agzalary bolup durýar.

Maliýe ministriniň wezipesini GFR-iň Federal Kansleriniň edarasynyň stats-sekretary Ýorg Kukis ýerine ýetirer. Ulag we sanly infrastruktura ministri Folker Wissing şeýle-de Ýustisiýa ministrligine, häzirki azyk we oba hojalyk ministri

Jem Özdemir bir wagtda Bilim we ylmy-barlaglar ministrligine täze saýlawlara çenli ýolbaşçylyk eder.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Mejlisiň Başlygy Kipr Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary (odeýalo) ýygnalar
Aşgabatda Türkiýede ýertitremesinde ejir çekenler üçin galyň gyş ýorganlary ýygnalar
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy