Düýn Leýpsig şäherindäki Red Bull Arena stadionynda futbol boýunça Germaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçirildi. Onda Mýunheniň Bawariýasy bilen RB Leýpsig güýç synanyşdy.
Duşuşygyň dowamynda janköýerler derwezere sekiz pökginiň girişine tomaşa etdiler. Olaryň ilkinjisini 14-nji minutda Bawariýanyň futbolçysy Musaila geçirdi. Toparyň täze transferi Sadio Mane 31-nji minutda hasaby Mýunhen şäheriniň klubynyň peýdasyna 2:0-a çykardy. Birinji ýarymyň ahyrky minudynda goragçy Pawar Bawariýanyň üçünji pökgüsini hem geçirdi.
Birinji ýarymy 3:0 hasabynda Bawariýanyň peýdasyna tamamlanan duşuşygyň 59-njy minutda Halstenberg ýer eýelerini umytlandyran pökgini geçirdi. Ýöne Bawariýa 65-nji minuda Gnabriniň geçiren goly bilen aralygy ýene üç pökgä çenli çykardy. 77-nji minutda RB Leýpsigiň futbolçysy Nkunku 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, hasaby 2:4-e çenli ýygyrdy. Ýöne goşmaça wagtyň 9-njy minudynda Bawariýa Leroý Saneniň tapawutlanmagynda garşydaş derwezä ýene bir gezek ýol tapdy. Şeýlelikde, duşuşyk 5:3 hasabynda Bawariýanyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Mýunhenliler taryhynda 10-njy gezek Germaniýanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldular. Bu bolsa ýurduň futbol taryhynyň rekordydyr.