Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa döwletleriniñ Prezidentleri bilen duşuşar

Germaniýanyň Federal metbugat we maglumat gullugynyň habaryna görä, 29-njy sentýabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolz Berlinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary, Federal Kansleriň çakylygy boýunça bu formatda ilkinji gezek Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň biri bilen duşuşar.

Bilelikdäki iş naharynda sebit we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem sebit we Germaniýa üçin möhüm bolan özara gatnaşyk meselelerine serediler diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem 28-nji sentýabrda Şolz Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler 29-njy sentýabrda meýilleşdirilýär.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady we energetika syýasatlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýan köp sanly meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

29-njy sentýabrda Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Staýnmeýeriň Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen duşuşjakdygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti üç ministri işden boşatdy
Serdar Berdimuhamedow German bitewüliginiň güni bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Döwletara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi