
Bild gazediniň Sosial demokrat partiýasynyň Mejlis toparyndaky töwereklere salgylanyp beren habaryna görä, Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius deputatlara: "Bir hüjüme garşy ýurdy gorap biljek ýaragly güýçlerimiz ýok" diýip belledi.
Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius çykyşynda ýurdunyň NATO alýansyndaky jogapkärçilikleri ýatladyp: "Alýansyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidiris, gaýta-gaýta ýerine ýetirmelidiris. Geçmişde ony edip bilmändik" diýip nygtady.
Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius wagt ýitirmeden Germaniýanyň goşynynyň zerur bolan ýaraglary we enjamlary satyn almalydygyny beýan etdi.