Germaniýanyň Federal Kansleri ýurdunyň Ukraina ýarag bermejekdigini beýan etdi

Germaniýanyň Federal Kansleri ýurdunyň Ukraina ýarag bermejekdigini beýan etdi

Olaf Şols ABŞ-na gurajak saparyndan ozal Germaniýanyň ARD telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Ukraina krizisinde hyzmatdaşlary bilen açyk strategiýa alyp barýandyklaryny belläp, NATO-da Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen koordinasiýa içindediklerini habar berdi.

ABŞ-na gurajak sapary bilen eýýäm ençeme wagt bäri öňe gidişlik edip bilen meseleleri konkretleşdirjekdiklerini aýdan Şols: "Mysal üçin birinjisi Ukraina garşy harby agressiýanyň Russiýa üçin nähili derejede çykdajyly boljakdygyny nähili ýagdaýda düşündirip bileris? Muny hemişe nygtap geçdik. Bu babatda ABŞ, ÝB we degişli bolan taraplar bilen anyk taýarlyklar gördük" diýip mälim etdi.

Olaf Şols strategiýanyň 2-nji bölüminiň Russiýa bilen dialog içinde galynmalydygyny belläp, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda we ÝHHG bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýetini nygtap geçdi.

Germaniýanyň hökümediniň Ukraina 5 müň kaska bilen birlikde gije görüp bilýän enjamlary, signal bozýan enjamlaryny ýa-da aragatnaşyk enjamlaryny ugradyp-ugratmajakdygy bilen bagly soraga Şols, eýýäm ençeme ýyl bäri Germaniýanyň hökümediniň aýdyň ýoldan barýandygyny belläp: "Krizisiň başdan geçirilýän sebitlerine ýarag ugratmaýarys we Ukrainany hüjüm ediji ýaraglar bilen üpjün etmeris.

Menden ozalky Federal Kansler şeýle edipdi. Şol dogrudy we dogry galar" diýip habar berdi.

Şols nemes halkynyň aglabasynyň hem bu meselä Germaniýanyň hökümedi ýaly çemeleşýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
“Ukrainanıň NATO Agza Bolmagına Rugsat Bermeris”
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Şols Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmek baradaky kararyny takdyr edýändigini belledi
Putin Günbataryň howplaryna jogap berjekdiklerini aýtdy
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
NATO Agza Ýurtlaryň Daşary Işler Ministrleri Belgiýada Jemlenişdi