Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Türkiya gurajak saparynyň çäginde şenbe güni Stambulda Prezident Rejep Taýýyp Erdogan bilen ençeme meseläni ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Şols: "Göç meselesi, elbetde, elmydama möhüm mesele. Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiyäniň bu babatda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegi dogrudyr we paýhaslydyr. Biz muny hemişe goldadyk we Ýewropa Bileleşigine degişli ylalaşyklary giňeltmk barada çagyryş berdik" diýip belledi.
Şols: "Türkiye bilen Ýewropanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Germaniýa bilen Türkiyäniň arasyndaky gatnaşyklar bilen baglanşykly ara alyp maslahatlaşmaly başgada meselelerimiz hem bar" diýdi.
Türkiya gurajak saparynda ykdysady galkynyş, Gresiýa we beýleki köp ýurtlar bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýup bilmek üçin sebitlerde umumy taýdan nähili özgerdip boljakdygy ýaly ugurlary hem ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny beýan eden Şols: "Elbetde, NATO hyzmatdaşlarymyza ýarag iberilmegini hem hemişe ara alyp maslahatlaşmaga mejburdyrys" diýip nygtady.