Türkmen paýtagtynda Germaniýanyň BERKY GmbH kompaniýasynyň suw ulgamlaryny arassalamak üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre ýurduň oba hojalygynyň wekillerini, işewürleri hem-de BERKY GmbH-niň Türkmenistandaky resmi dileri — Yşgyn kompaniýasynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi.
Nemes kompaniýasynyň wekili Martin Alkemaýer birnäçe özboluşly modele eýe bolan ýöriteleşdirilen enjamlaryň hataryny tanyş etdi. Olaryň arasynda suw desgalaryndan haşal otlary aýyrmak we şol bir wagtyň özünde ýygnamak üçin niýetlenen NEREUS 240 enjamy we kanalizasiýalaryň, suw kanallarynyň hem-de derýalaryň düýbüni arassalamak üçin niýetlenen POSEIDON 770 enjamy, şeýle hem suwuň üstündäki zibilleri ýygnamaga ýöriteleşdirilen TRITON 550 enjamy bar.
Duşuşykda oba hojalygynyň suwaryş ulgamlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin suw akymlaryny haşal otlardan yzygiderli arassalamagyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Hödürlenen tehnologiki çözgütler Türkmenistandaky suw desgalary üçin abatlaýyş işleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmak maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar BERKY GmbH enjamlarynyň innowasion aýratynlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy oba hojalygy kärhanalarynyň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrar, daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrar we suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagy üpjün eder.
Enjamlar we hyzmatdaşlyk etmegiň şertleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin Yşgyn kompaniýasyna ýüz tutup bilersiňiz: