Germaniýanyň Rinteln şäherjiginiň ýaşaýjysy, 57 ýaşly Tomas Ýeromin we onuň aýaly Sýuzanna öýünde 555 sany bezelen täze ýyl arçasyny dikip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada MIR 24 ýazýar.
Arçalary bezemek üçin olara 108 müň şar we 48 müň yşyk gerek boldy. Myhman otagda olar 89 arçany ýerleşdirdiler, beýlekileri ýatak jaýda, dälizde oturtdylar.
Är-aýalyň yhlasy Germaniýanyň rekordlar instituty tarapyndan resmi bellige alyndy.
Ýerominleriň maşgalasy täsin arça tokaýyny 6-njy ýanwarda sökmekçi bolýarlar, häzir bolsa olaryň öýüni görmäge ýurduň ähli künjeginden, hatda beýleki ýurtlardan hem gelýärler.