Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar

Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok we Içeri işler ministri Nensi Faýzer Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän 6-njy fewraldaky ýer titremäniň güýç merkezi bolan Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabynda saparda bolýarlar.

Ýer titremelerden soň gurulan çadyr şäherçelerindäki raýatlar bilen duşuşyk geçiren Berbok we Faýzer, meýletin nemes lukmanlar tarapyndan gurulan lukmançylyk hyzmatlaryny berýän çadyra hem baryp gördüler.

Berbok we Faýzer ondan soň bolsa etrabyň merkezindäki harabalyklaryň ýerleşýän ýerlerine gözegçilik etdiler, metbugat işgärlerine beýannama berdiler.

Bu ýerde başdan geçirilenleri görmek üçin gelendiklerini aýdan Berbok: "Bu ýer titremäniň göwrümini, bu ýerde bolsaňyz hem sözler bilen suratlandyryp bolanok" diýip nygtady.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bu ýerde halkara kömegiň nähili derejede möhümdigini görýändiklerini habar berdi.

Çadyr, lukmançylyk enjamlary, azyk kömegi, ýorgan we generatorlar üçin Germaniýanyň hökümeti hökmünde ýene-de 50 million ýewro berendiklerini aýdan Berbok, şeýlelik bilen Germaniýanyň ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin beren kömeginiň 108 million ýewro ýetendigini beýan etdi.

Germaniýada dogan-garyndaşlary bolan adamlar üçin wiza ýeňilligini döredendiklerini aýdan Berbok, adamlaryň wiza ýüz tutmalaryny ýeňilleşdirmek üçin sebitde bir wiza awtobusynyň döredilendigini mälim etdi.

Germaniýanyň Içeri işler ministri Nensi Faýzer hem öz gezeginde ýer titremede zyýan çeken adamlara raýdaşlyk bildirmek maksady bilen gelendiklerini, bu ýerde diňe duýgudaşlygyň däl, eýsem ýardamlaryň hem nähili derejede gowy ýetendigini görendiklerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy
NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar
Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär