Şu günler Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen hünärmenler ozaldan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerli lukmanlar bilen özara tejribe alyşýarlar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, iş saparynda bolýan germaniýaly fizioterapewt lukmanlar Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar hem-de näsaglara bellenilýän dikeldiş bejergileriniň meýilnamasyny işläp düzýärler. Olar bilen geçirilýän tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, ussatlyk okuw sapaklary, beýan sapaklary işjeň häsiýete eýe bolýar.
Golaýda bu täze saglygy goraýyş desgasynda miokardyň ýiti infarkty kesel kesgitlemesi bolan raýata merkezde ilkinji gezek selektiw koronarografiýa barlagy geçirilip, ýerli hünärmenler tarapyndan koronar arteriýalaryň stentirlenmesi operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly diýlip, habarda bellenilýär.