
Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Karsten Breýer Germaniýanyň ykdysady gazedi Handelsblatt gazedine beýannama berdi.
Russiýany aç-açan bir howp hökmünde görýändiklerini aýdan Breýer, şonuň üçin goranyş çykdajylarynyň köpeldilmelidigini aýtdy.
Karsten Breýer: "Sowuk uruşda bolşy ýaly müňlerçe tanky hatara düzmesegem bolýar. Bize zerur zat çeýe we akylly goranyş meýilnamasy, ol hem bizde bar" diýip belledi.
ABŞ-nyň tersine Ýewropada harby tanklaryň zerurdygyny belläp, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini we 2029-njy ýylda söweşe taýyn bolmagyň maksadyna ünsleri çekdi.
Breýer geljekdäki uruş howpuna çynlakaý çemeleşýändiklerini belläp, Russiýanyň ýaraglanmak tapgyrynyň dowam edýändigini aýtdy.