Germaniýadaky zibilden XVII asyra degişli suratlar tapyldy

Germaniýadaky zibilden XVII asyra degişli suratlar tapyldy

Germaniýaly bir adam zibil gabyndan XVII asyra degişli özboluşly surat eserlerini tapdy. Rossiyskaýa Gazetanyň habaryna görä, bu suratlar Orenbak şäheriniň golaýynda tapyldy. Ol bu barada polisiýa habar berdi.

Sungat wekilleriniň pikirine görä, tapylan eserler olaryň asyl nusgasydyr. Hatda 1665-nji ýylda çekilen bir surat, italýan suratkeşi Pietro Bellotiniň öz portretidir. Olaryň ikinjisi bolsa gollandiýaly suratkeş Samuel wan Hugstrateniň Oglanjygyň portreti atly eseridir.

Hünärmenler häzire çenli suratlaryň bahasy barada anyk bir zady aýyp bilenok. Ýöne auksionlarda suratkeş Bellottiniň çeken suratlarynyň 200 müň dollardan gowrakdygyny, Wan Hugstrateniň eserleriniň bolsa takmynan 400 müň dollardygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Belgiýanyň Wise-Premýeri Palestin Döwletiniň Ykrar Edilmegini Teklip Etdi
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Petrosýan Şurigiň keşbinde çykyş etmegiň teklip edilendigini gürrüň berdi
Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy