Türkiýäniň Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki ilçihanasynyň öňünde ýygnanan 200-den gowrak ukrainaly, türk dilinde “Türkiýe Mariupoly halas et” şygarlaryny aýdyp, Russiýanyň eýýäm ençeme wagt bäri gabaw astynda saklaýan şol şäherde kyn ýagdaýda galan harbylar we asuda halkyň ewakuasiýasy üçin Prezident Rejep Taýýip Erdogandan kömek soradylar.
Demonstrantlardan Ewa Ýakobowska Türkiýäniň Mariupol şäherinde kyn ýagdaýda galan harbylary we asuda ilaty deňiz ýoly arkaly ewakuasiýa etmegiň iň amatly ýoldugyny belläp: “Türkiýe güýçli bir ýurt we howpsuzlygy üpjün edip, ewakuasiýa tapgyrynyň hötdesinden gelip biler” diýip belledi.