Germaniýadaky şähere aýdymçy Teýlor Swiftiň ady dakylar

Germaniýadaky şähere aýdymçy Teýlor Swiftiň ady dakylar

Germaniýanyň demirgazygyndaky Gelzenkirhen şäheriniň ady amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň hormatyna Swiftkirhen diýlip üýtgediler diýip, Der Spiegel neşirine salgylanýan News.ru habar berýär. Bu artist zenanyň golaý wagtda Eras Tour atly dünýä boýunça konsert çykyşlarynyň çäklerinde Germaniýa sapary bilen baglydyr.

Habarda bellenişi ýaly, şäheriň täze ady bilen bagly nyşanlar Gelzenkirheniň merkezinde we beýleki köp adamly ýerlerinde oturdylar. Şäheriň adyny üýtgetmegi ýerli okuwçy gyz Karin Welge teklip etdi we ol şäheriň häkimi tarapyndan goldaw tapdy.

Teýlor Swift Gelzenkirhende 17-19-njy iýulda çykyş eder. Konsert şäheriň 70 müň adamlyk stadionynda geçer. Swiftiň konsertine ähli petekler eýýäm satyldy.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swift milliarderler boldy
Teýlor Swift kitap çykarmakçy
Dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy boldy
Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Teýlor Swiftiň film-konserti kassa ýygymlary boýunça Jokerden öňe geçer
9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi