Germaniýada Merkezi Aziýadan bolan ýedi adama, şol sanda bir türkmenistanla içerki terrorçylyk toparyny döretmekde we onuň hereketlerine gatnaşmakda aýyplama bildirildi. Bu barada Germaniýanyň Federal Prokuratura edarasy 24-nji aprelde habar berdi.
Aýyplama bildirilenleriň arasynda, türkmenistanlydan başga-da Täjigistanyň bäş we Gyrgyzystanyň bir raýaty bar. Olaryň altysy “Yslam Döwlet daşary ýurt terroristik guramasyny” maliýe taýdan goldamakda hem şübhelenilýär.
Beýanatda Türkmenistanyň raýaty Ata A., täjik raýatlary Muhammadhuja A., Nuriddin K., Jamşud N., Said S., Raboni Z., gyrgyzystanyň raýaty hem Abrorjon K. diýlip tanyşdyryldy.
Olaryň ählisi biri-birini köpden bäri tanaýar we Germaniýa 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan soň, Ukrainadan geldi diýip, beýanatda bellenilýär.
Olar 2023-nji ýylyň iýulynda tussag edilipdi.