
Germaniýanyň günbatarynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýogalanlaryň sany 81 adama ýetdi.
Nemes DPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Reýnland-Pfalsde sil sebäpli 50 adam ýogaldy.
Demirgazyk Reýn-Westfaliýada hem sil sebäpli ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi.
Sil apaty sebäpli müňlerçe adamyň dereksiz ýitendigi, ýaşaýyş jaýlarynyň, we köçeleriň suwyň aşagynda galandygy habar berildi.