Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi

Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi

Germaniýanyň Mühendörf şäherinde her ýyl geçirilýän Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşyna bu ýyl müň töweregi adam gatnaşdy diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýaryş ilkinji gezek şäheriň ýerli ylgaw klubynyň agzalary tarapyndan mundan 14 ýyl öň geçirilipdir. Olar şol wagt Roždestwo baýramy bilen bagly maşgalalaryň arasynda aýratyn gyzykly ýaryş geçirmek isläpdirler. Wagtyň geçmegi bilen ýaryş meşhurlyk gazanypdyr we häzir oňa dürli ýaşdaky adamlar gatnaşýarlar.

Ýaryşyň maksady adamlary ýylyň islendik paslynda sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekdir. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu Germaniýada iň iri Täze ýyl dabarasydyr.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Roždestwo otlusy Kolumbiýanyň paýtagtyna bardy
Hindistanda çägeden we pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkeli ýasaldy
Serhoş Aýazbabalar ýoly ýapdylar