Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, bir dwigatelli we propellerli uçaryň düýn günortandan soň gonmak islän mahaly ýere gaçandygy, wakadan soň howa menziliniň wagtlaýyn häsýetde ýapylandygy mälim edildi.
Uçarmanyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygy bellenen beýanatda, 70 ýaşyndaky ýolagçynyň bolsa agyr ýagdaýda ýaralanyp hassahana alynyp gidilendigi we bejergi astyna alynandygy aýan edildi.
Beýanatda uçar gonan mahaly howanyň ümürli bolandygy, wakanyň näme sebäpli bolandygynyň derňelýändigi beýan edildi.
Howa menziliniň polisiýasynyň wakanyň bolan ýerindäki derňewiniň dowam edýändigi habar berildi.