Germaniýanyň Ýaşyllar partiýasy sentýabr aýynda geçiriljek kanslerlik saýlawyna dalaşgär hökmünde 40 ýaşly Annalena Baerboky saýlady.
Germaniýada kanslerlik saýlawy yglan edilen ilkinji günlerinde ýurduň häzirki kansleri Angela Merkel öz ýerine geçiriljek saýlaw üçin Hristian Demokratik Bileleşiginiň lideri Armin Laşeti dalaşgär saýlapdy. Emma soňky aýlarda jenapLaşet saýlawçylaryň söýgüsini gazanyp bilmedi. Hut şu nukdaýnazardan-da, Germaniýanyň kanslerlik saýlawyna dalaş etmeklik üçin Annalena Baerboka ynam bildirildi.