Germaniýada iş orunlarynyň sany rekord derejä ýetdi

Germaniýada iş orunlarynyň sany sentýabr aýynda 46 milliona ýetip, soňky 33 ýylyň iň ýokary görkezijisi hasaba alyndy. Ýurduň Federal statistika edarasynyň (“Destatis”) ýaýradan maglumatyna görä, sentýabrda iş orunlarynyň sany awgustdakydan 247 müň köp bolupdyr.

Şeýlelikde, Gündogar we Günbatar Germaniýanyň birigen 1990-njy ýylyndan bäri iň ýokary derejä ýetipdir. Mundan ozalky rekord geçen ýylyň noýabrynda hasaba alnypdyr. Soňky rekord geçen ýyldakydan 0,3 göterim ýokary bolupdyr.

Halkara Zähmet Guramasynyň (ILO) usulyna görä hasaplananda, ýurtda geçen ýylyň sentýabrynda ilatyň 2,9 göterimi işsiz bolan bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 3 göterim bolupdyr. Şeýlelikde, şu ýylyň sentýabr aýynda 1,34 million adam işsizleriň sanawynda dur.

Senagat taýdan ösen ýurtlaryň biri bolan Germaniýa Ýewropada we dünýäde iň uly eksportçy döwletleriň biridir.

Aýhan Agamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy
Azerbaýjan Fransiýanyň Ermenistana ýarag ugratmagyny ýazgardy
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler
19-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri