
Germaniýanyň oppozision lideri Fridrih Mers saýlawdan soňky sowalnamalara görä konserwatiw Hristian Bileleşik partiýalarynyň döreden ýaranlarynyň sesleriň 28,5 göterimini alyp, bäsdeşlerinden öňe saýlanandygyny görkezmeginden soň ýeňiş yglan etdi.
“Bu saýlawda üstün çykdyk” diýen Mers, Germaniýanyň liderliginiň gaýtadan dikeltmek üçin koalisiýa gepleşiklerine depginli başlamak üçin çagyryş etdi.
Federal Kansler Olaf Şolsyň Sosial demokrat partiýasy 16,5 göterim ses alyp, taryhy ýeňilişe sezewar boldy.
Aşa sagçy Germaniýa üçin alternatiw partiýasy 20,6 göterim ses alyp, güýjüni artdyrdy.
Saýlawa bolan gatnaşyk rekord derejede 84 göterime barabar boldy.