
Germaniýanyň habar gullugy DPA-nyň Naumburg Baş prokuraturasyna esaslanyp beren habaryna görä, hüjümden soň hassahanada bejergi astyna alynan 52 ýaşyndaky zenan ýogaldy.
Roždestwo bazaryna ulag bilen guralan hüjümde aralarynda 9 ýaşly çaga hem bolan jemi 5 adamyň ýogalandygy, 200-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.
Hüjümden soň göz tussaglygyna alynan Saud Arabystanynda doglan lukman Taleb al-Abdulmohsen 22-nji dekabrda tussag edilipdi.
Hüjüm bilen bagly derňew işi dowam etdirilýär.