Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ministri Robert Habek Der Spiegel neşirine beren interwýusynda ýurtda eger gaz ýetmezilik eden ýagdaýynda birgiden senagat pudaklarynyň işini togtatmaly boljakdygyny nygtady. Bu barada TASS habarlar gullugyna esaslanyp, Belta.by saýty ýazýar.
Eger gaz ýetmese, senagatyň oňa mätäçlik çekýän pudaklaryny ýapmaly bolar diýip, nemes ministri belledi. Şeýle ýagdaýda ähli bazar-ykdysady gatnaşyklary üzüler.
Öz nobatynda ýurduň Federal söwda torlary wekilhanasynyň başlygy Klaus Miller GFR-niň rus gazy bilen saklawhanalar 100 göterim doldurylanda-da öňdäki gyşyň dowamynda ortaça 2,5 aý saklanyp biljekdigini habar berdi we şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy tygşytlamaga çagyrdy.