Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilen festiwalda ýangyn boldy.
Wakada 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr 30-dan gowrak adam ýaralandy.
Germaniýada Ştermtal kölünde geçirilen Haýfild fesiwalynda ýüze çykan ýangyn howsala döretdi.
Festiwalyň geçirilýän meýdanda ýerleşýän syn ediş tekerinde sebäbi entek anyklanmadyk görnüşde ýangyn ýüze çykdy.
Ýangynda 4-si polisiýa işgäri bolan 30-dan gowrak adam ýaralandy.
Ýaralanan adamlaryň 2-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy mälim edildi.
Takmynan 30 müň adamyň gatnaşan festiwalda tüssäniň ýaramaz täsir ýetiren adamlaryň hem bardygy aýan edildi.
Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.