Germaniýada dört günlük iş hepdesi synag ediler

Germaniýada dört günlük iş hepdesi synag ediler

Germaniýanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň 45-sinde öňdäki ýylyň fewralyndan başlap, dört günlük iş hepdesi synag görnüşinde giriziler. Bu barada DPA habarlar gullugyna salgylanýan Report.az ýazýar.

Fewraldan başlap soňky alty aýyň dowamynda kärhanalar wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekde 80 göterim wagt hem-de 100 göterim zähmet hakyny tölemek şerti bilen dört hepdelik iş hepdesini synag ederler.

Taslama gatnaşyjylaryň ýarysyndan gowragy işgär sany 9-48 adam arasyndaky kiçi kärhanalardyr, 14 göterimi işgär sany 249 adamdan durýan iri kärhanalardyr.

Fewrala çenli olar ýörite seminarlarda taýýarlanar. Maksatnamanyň ylmy bölegini durmuşa geçirmek Wilgelm adyndaky Westfal uniwersitetine ýüklendi.

Ýene degişli makalalar

GERB partiýasy öňde barýar
Merkel BMG-de işlemek barada teklipden ýüz öwürdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Germaniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 81 Adama Ýetdi
Daşary ýurt metbugatyna syn