Germaniýada Bundestagyň başlygy belli boldy

Germaniýada Bundestagyň başlygy belli boldy

Düýn GFR-de Bundestagyň Başlygy wezipesine sesleriň köplügi bilen Germaniýanyň sosial-demokratik partiýasynyň wekili Berbel Bas saýlandy. Bu uruşdan soňky german taryhynda ýurduň esasy wezipeleriniň birine bellenen üçünji zenandyr. 53 ýaşly Berbel Bas indiden beýläk bu wezipede 79 ýaşly Wolfgang Şoýbläni çalşar.

Şeýle-de GFR-niň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer 26-njy oktýabrda öz rezidensiýasynda— Belwýu köşgünde ýurduň kansleri Angela Merkele we onuň Kabinetiniň ministrlerine işden boşadylýandyklary barada resmi haty gowşurdy, olar Germaniýada täze hökümet düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirerler.

Ýeri gelende aýtsak, Merkel ýurdy 15 ýyl 338 gün dolandyrdy, eger onuň oruntutary 19-njy oktýabra çenli belli edilmese, Merkel ýurduň täze taryhynda hökümeti iň uzak wagtlap dolandyran Gelmut Koluň rekordyny täzelär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen Lideri Olaf Şolsy Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy
“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”
BMG Merkele baýrak gowşurmakçy
Angela Merkel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görüldi