
Germaniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Şleswig-Hostein ştatynyň Flensburg şäherinde bir binada bolan ýangynda -1i çaga 2 adam ýogaldy.
Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýannamadai ýangynda ýogalanlaryň şahsyýetleri barada hiç hili maglumat berilmedi.
2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýangynda birnäçe adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Germaniýada DPA habarlar gullygy ýangynda 9 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Ýanan binada 40 adamyň ýaşaýandygy nygtaldy.
Ýangynyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.