Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer

Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols düýn Ispaniýanyň Granada şäherinde geçirilen Ýewropanyň syýasy bileleşiginiň maslahatynyň çäginde Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen geçiren duşuşygyndan soň beýannama berdi.

Maslahatda Russiýanyň Ukraina hüjüminiň esasy uğurlardan biri bolandygyny aýdan Şols, Ukrainanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goramak boýunça goldawynyň nähili dowam etjekdigi hakynda pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Şolz Germaniýanyň Ukrainany goldaýandygyny, Germaniýanyň ABŞ-dan soň Ukraina iň köp goldaw beren ýurt bolup durýandygyny nygtady.

Germaniýanyň ozalam Ukraina “Patriot” howa goranyş ulgamyny berendigini ýatladan Şols; “Bärde Ukrainanyň döwlet Baştutanyna gyş aýlary üçin ýene-de bir goranyş ulgamyny berjekdigimizi aýtdym” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Altun: "F-35-ler we Patriotlar şertsiz ýagdaýda berilmelidir" diýdi
ABŞ-nyň, Saud Arabystanyna Patriot Howa Goranyş Ulgamlaryny Berendigi Öňe Sürüldi
Slowakiýa Patriot Howa Goranyş Ulgamy Ornaşdyrylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ, Polşa 2 Sany Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer