Germaniýa, Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçirilýän NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynda, Ukrainanyň ýaragly güýçlerine 700 million ýewrolyk harby kömek berjekdigini mälim etdi.
Goranmak ministri Boris Pistorius mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, 700 million ýewrolyk goşmaça harby kömek bukjasynyň taýarlanandygyny nygtap, “Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermek üçin 700 million ýewrolyk goşmaça kömek bukjasynyň taýarlanandygyny üçin özümi bagtly hasap edýärin. Şeýlelikde Ukrainanyň harby goşunynyň has-da güýçlenmegine goşant goşarys” diýdi.
Germaniýa goşmaça harby kömek bukjasynyň çäginde Ukraina 2 Patriot howa goranyş ulgamyny, 40 Marder sowutly ulagyny, 25 Leopard 1 tankyny, 5 halas ediş tankyny, 25 müň gülle, uçarmansyz howa goranyş ulagy we Luna uçarmansyz howa goranyş ulgamy bilen1 göçme hassahana ugradar.