
Germaniýa, Ukraina 6 sany Sea King Mk41 kysymly dik uçar berer.
Germaniýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Ministr Boris Pistoriusyň, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen 18-nji Ukraina Goranyş toparynyň maslahatyna gatnaşandygy nygtaldy.
Beýannamada Germaniýanyň şu ýyl Ukraina harby taýdan has köp kömek berjekdigi, şol çäkde Ukraina 6 sany Sea King Mk41 kysymly dik uçarynyň we ätiýaçdaky şaýynyň berilmeginiň meýilleşdirlendigi bellenildi.
Beýannamada, dik uçarlaryň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda beriljekdigi ýatladyldy.
Germaniýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Germaniýanyň şu ýyl 10 müň ukrainaly esgere tälim berjekdigi aýratyn bellenildi.