Germaniýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestraýt beren ýazmaça beýanatynda, ýurdunyň 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri ilkinji gezek Owganystanyň raýatlaryny ýurtdan çykarandygyny mälim etdi.
Näçe owgan raýatynyň ýurtdan çykarylandygy barada maglumat bermedik Şteffen Hebestraýt, olaryň ählisiniň Germaniýada galmak hukugynyň bolmandygyny we özleriniň ýurtdan çykarylmagy barada karar berilen owgan raýatlaryndan ybaratdygyny beýan etdi.
Germaniýanyň hökümediniň bular ýaly görnüşli yzyna gaýdyp ugratmak babatyndaky tutanýerliligini dowam etdirjekdigini aýdan Şteffen Hebestraýt: "Germaniýanyň howpsuzlyk bähbitleri jenaýatçylary we howply adamlary goramak bähbitlerinden has ýokary" diýip nygtady.
“Spiegel” žurnalynyň habaryna görä, şu gün irden Leýpsig şäherinden uçar bilen 28 owgan raýaty Kabula iberildi.
Her bir owgana 1000 ýewro berlendigi we uçarda bir lukmanyň ýoldaşlyk edendigi habar berildi.
Habarda Talibanyň ýurduň häkimiýetine geçmeginden soň ilkinji gezek jenaýatçy owganlaryň ýurtdan çykarylandygy aýan edildi.