Germaniýa Ispaniýany uly ýaryşda ýeňmek başardanok

Germaniýanyň ýygyndysy şu wagta çenli Germaniýa ady bilen Ispaniýanyň ýygyndysyny ne Dünýä Kubogynda, ne-de Ýewropa çempionatynda ýeňdi. Futbolyň iki öňdebaryjy ýurdy Ispaniýa bilen Germaniýa EURO 2024-iň çäginde çärýek finalda duşuşdy. Duşuşykda Ispaniýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy we netijede ýer eýeleri Germaniýanyň ýygyndysy ýaryşdan çykdy.

Ýewropa çempionatynda 2008-nji ýylda finalda Ispaniýa 1-0 ýeňdi. Soňky duşuşyk hem goşmaça wagtda-da bolsa, ispanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Dünýä Kubogynda bolsa iki topar 1994-nji ýylda 1-1 deňme-deň oýnadylar. 2010-njy ýylda ýarym finalda Ispaniýa 1-0 ýeňiş gazandy. 2022-nji ýyldaky duşuşyk hem 1-1 deňlikde tamamlandy.

Germaniýanyň ýygyndysy Ispaniýany 1988-nji ýylda Günbatar Germaniýa döwründe 2 gezek Ýewropa çempionatynda ýeňipdi Şonda Rudi Wölleriň gollary bilen nemesler 2-0 hasabynda utupdy.

Ýene degişli makalalar

“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy