Germaniýa, Hollandiýa YD bilen ilteşikli 9 adamy, şol sanda bir türkmenistanlyny tussag etdi

Germaniýa, Hollandiýa YD bilen ilteşikli 9 adamy, şol sanda bir türkmenistanlyny tussag etdi

Germaniýa, Hollandiýa "Yslam döwleti" toparynyň hüjüm planlary çaklamalary esasynda 9 adamy tussag etdi diýip, AP Germaniýadan habar berýär.

Dördünji gün Germaniýada we Hollandiýada “Yslam döwleti” toparynyň ideologiýasynyň çäginde Germaniýada hüjüm gurnamak planlarynda güman edilýän merkezi aziýalylaryň dokuz sanysy tussag edildi diýip, häkimiýetler aýtdy.

Germaniýada tussag edilen ýedi adam “içerki terrorçylyk toparyny” döretmekde we YD-ny goldamakda aýyplandy diýip, Germaniýanyň federal prokurorlary aýtdy.

Olaryň ählisi biri-birini köpden bäri tanaýar, radikal yslam garaýyşlary bar we Germaniýa geçen ýyl, Russiýa öz goňşusyna garşy giň gerimli çozuşa başlanyndan gysga wagt soň, bir wagtyň özünde diýen ýaly Ukraindadan geldiler diýip, prokurorlar pikir edýär.

Güman edilýänleriň Germaniýada hüjüm gurnamak maksadyna eýerýän topar döredendigi öňe sürülýär. Prokurorlaryň maglumatyna görä, bu topar “Yslam döwleti” toparynyň Horasan welaýatyndaky bölümi bilen aragatnaşyk saklapdyr.

Prokuratura edarasynyň habaryna görä, Hollandiýada geçen ýyldan bäri ýaşaýan 29 ýaşly täjik erkegi we onuň 31 ýaşly gyrgyz aýaly “terrorçylyk jenaýatlaryna taýýarlyk görmekde” güman edilip saklandy. Bu erkek YD-a agza bolmakda hem güman edilýär.

German prokurorlary öz ýurtlarynda tussag edilenleri Ata A. Türkmenistanyň raýaty, Abrorjon K. Gyrgyzystanyň raýaty we Muhammadşujo A., Nuriddin K., Şamşud N., Said S. we Raboni Z. - Täjigistanyň raýatlary diýip tanatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder
Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady