Germaniýa Balkan Ýurtlarynyň ÝB-ne Agzalygyna Goldaw Berýär

Germaniýa Balkan Ýurtlarynyň ÝB-ne Agzalygyna Goldaw Berýär

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, ýurdunyň Günbatar Balkan ýurtlaryna we şol ýurtlaryň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen Germaniýanyň paýtagty Berlinde bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama beren Şols, “Germaniýanyň hökümeti üçin 6 Günbatar Balkan ýurdunyň ÝB bilen gysga wagtda bitewileşmegi strategiýa taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Ady agzalýan ýurtlaryň ÝB-ne agzalyk etaby hakynda hem durup geçen Şols “Şol ýurtlary mümkin gadar gysga wagtda ÝB-ne agza ýurtlar hökmünde kabul etmek isleýäris. Şol nukdaý nazardan Albaniýanyň ÝB-ne agzalyk etabynda eden öňe gidişligi diýseň möhüm” diýdi.

Şols, ÝB we Günbatar Balkan ýurtlarynyň liderleriniň “Berlin etabynyň” çäginde Albaniýanyň paýtagty Tiranda 16-njy oktýabrda duşuşjakdygyny, duşuşykda sebitiň ÝB-ne utgaşyklygy etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi we özara hyzmatdaşlyk meselesiniň ara anlyp maslahatlaşyljakdygyny ýatlatdy.

Albaniýanyň Premýer-ministri Rama hem, Tiranda geçiriljek liderler duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, “Şol duşuşyk özara hyzmatdaşlygy güýçlendirer. Biz sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris. Germaniýanyň bu meselede bize goldaw bermegi hem diýseň möhüm” diýdi.

Germaniýa, Russiýa-Ukraina söweşiniň sebitde durnuksyzlyga sebäp bolup biljekdigi üçin soňky aýlarda Günbatar Balkan ýurtlary bilen has ýakyndan gyzyklanýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Albaniýa Bileleşige goşulmakçy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Albaniýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministri Rama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy