Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?

Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?

Türkmenistan bilen goňşy Özbegistanyň arasynda göni uçar gatnawlary ýok. Iki ýurduň raýatlarynyň gelim-gidimi wiza petigine sezewar bolýar.

Türkmenistandan Özbegistana, Özbegistandan Türkmenistana hemişelik göçüp baran adamlaryň ençemesi degişli ýurtlardan raýatlyk alyp bilmeýär. Olaryň pensiýa, iş, durmuş üpjünçiligi sorag astynda galýar.

Iki goňşy ýurduň arasynda ýolagçy awtobuslary, ýa-da ýolagçy otlulary gatnamaýar.

Türkmenistanda özbek azlyklary, Özbegistanda türkmen azlyklary özleriniň azlyk hukuklarynyň ählisini berjaý etmek mümkinçiligine doly eýe bolup bilmeýärler.

Iň bärikisi, hatda ýük ulaglary hem birek-biregiň serhedinde býurokratiki päsgelçiliklere sezewar bolup bilýärler.

Ýakyn goňşularyň arasynda wiza düzgünleri öz güýjünde galýan wagtynda hem-de ýurtlaryň arasynda otly, uçar we awtobus gatnawlarynyň dikeldilmeýän pursatynda, we bar bolan beýleki käbir meseleleriň arasynda, iki ýurduň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli resmileri yzygiderli gepleşikleri we duşuşyklary geçirýärler.

Ýöne synçylar goňşularyň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda özara ynamyň we açyklygyň kemter galýandygyny aýdýarlar.

Kagyz ýüzünde gol çekilýän ylalaşyklar, strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak jarnamalary we beýlekiler, şeýle-de taraplaryň arasynda yzly-yzyna geçirilýän gepleşikler, maslahatlar we duşuşyklar iş ýüzünde, synçylara görä, hususan-da, möhüm meseleler babatynda anyk netijeleri miwe berip bilmeýär.

Dünýä Türkmenleri programmamyzy diňlemäge çagyrýarys, hormatly diňleýjiler. Bu gepleşigimiz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň soňky ýagdaýy babatynda türkmenistanly syýasy synçylaryň möhüm syn-seljermelerini siziň dykgatyňyza ýetirýär. Biziň tolkunlarymyzda galyň!

Ýöne halkalaryň arasyndaky gatnaşyk päsgelçiliklerine geçmezden ozal, geliň ilkibaşda hökümetleriň arasyndaky gatnaşyklar babatynda möhüm hasaplanyp biljek infopowod’ bilen, möhüm habar hasaplanyp biljek täzelikler bilen gepleşige bat bereliň!

Türkmenistanyň, hususan-da, daşary syýasaty bilen bagly möhüm resmi habarlary gyzgyny bilen köpçülige ýetirmekde tanalýan ýarym-resmi “Orient” neşiri 5-nji iýunda türkmen we özbek resmileriniň Hywa şäherinde duşuşyp, Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. Taraplar sebitleriň arasynda özara syýahatçylyk saparlaryny guramalaşdyrmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanda söwda we ykdysadyýet pudagyndaky habarlary, şeýle-de, işewürlik we telekeçilik täzelikleri bilen tanalýan “Biznes Türkmenistan” neşiri, 2-3-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Daşkentde şäherinde geçirilýän bir halkara forumyna gatnaşyp, türkmen tarapynyň Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyş bolandygyny habar berdi.

15-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Daşkentde geçirilen bir halkara çäresiniň çäklerinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan-da beýläk ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdi.

Iki ýurduň halklarynyň hem-de hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýakyndan yzarlaýan bir türkmenistanly synçy ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň diňe gepleşiklerden ybarat galýandygyny aýdýar. Ol bu gepleşikleri “gepleşik geçirmek üçin geçirilýän gepleşikler” atlandyrýar.

Has möhüm täzeliklere ser aýlasak, özbek neşirleri maýyň soňky hepdesinde Özbegistanyň türkmen ýük ulag sürüjilerine wiza bermän, “Farap” serhet geçelgesinde olaryň öňüni baglaýandygyny habar berdi. Şonda emele gelen krizisiň apreliň ortalaryndan bäri dowam edýändigi mälim boldy.

Şonda “LogiStan” telegram kanaly iki ýurduň diplomatlarynyň bu mesele barada gepleşik geçirýändigini, ýöne häzirlikçe ol ýa-da beýleki çözgüde gelinip bilinmändigini habar berdi.

“Gepleşikler üçin gepleşikler, maslahatlar üçin maslahatlar, duşuşyklar üçin duşuşyklar: näme üçin Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky meseleler çözülmeýär... .Görnüşi ýaly, resmi we ýarym resmi neşirlere göz aýlasaň, iki goňşy ýurduň arasynda yzygiderli duşuşyklar, maslahatlar, gepleşikler geçirilýär, käte birnäçe uly göwrümli şertnamalara we ylalaşyklara hem gol çekilýär, ýöne welin, iş ýüzünde, iň bärkisi, iki ýurduň arasynda ýük gatnadýan maşynlaryň sürüjileri üçin serhetden geçmek üçin gerekli wiza we beýleki ýol resminamalaryny deňhukuklylyk şertlerinde çözmek hakynda hem häli-şindi özara ylalaşyga gelip bilmediler, netijede bolsa, türkmen sürüjileri soňky wagtlarda Özbegistana girmekde uly bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolsa, özbek sürüjileri üçin Türkmenistana girmek bir giden wagt, ep-esli pul we emosional resurslary talap edýär” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Görnüşi ýaly, ýurtlaryň arasyndaky býurokratik päsgelçilikler ýolagçy gatnawy beýlede dursun, ýük ulaglarynyň gatnawynda hem kynçylyk döredýär.

Ýöne käbir statistiki sanlara, has takygy özbek statistikasyna ser aýlasaň, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda ymykly ýokarlanýar.

Özbegistanyň Statistika agentliginiň sanlaryna görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 1,09 milliard dollara barabar bolupdyr. 2022-nji ýylda bu görkeziji 928,6 million dollara deň boldy. Bir ýylda söwda dolanyşygy 17,8 göterim ýokarlandy.

Degişli sanlar 2024-nji ýylyň ýanwar aprel aýlary aralygynda 288 million dollara barabar boldy. Şonda Türkmenistana Özbegistana 257 million dollar çemesi haryt eksport etdi. Öz gezeginde, Özbegistan Türkmenistana 31 million dollar çemesi haryt eksport etdi.

Türkmenistan Özbegistana esasan energiýa serişdelerini, şol sanda elektrik energiýasyny we tebigy gazy, galyberse-de, käbir oba hojalyk önümlerini eksport edýär.

“Ykdysady çylşyrymlylyk obserwatoriýasy” (Observatory of Economic Complexity OEC) onlaýn maglumat platformasynyň statistikalaryna görä, Türkmenistan 2022-nji ýylda Özbegistana umumy bahasy 105 million ABŞ dollary möçberinde elektrik energiýasyny eksport edipdir. Bu degişli döwürde Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport eden elektrik energiýasynyň takmynan 64 göterimini emele getirýär.

Şeýle-de, 2023-nji ýylda türkmen we özbek resmileri Türkmenistanyň Özbegistana iberýän tebigy gazynyň möçberlerini 2 milliard kub metre çenli köpeltmek barada ylalaşyk gazandylar.

Deňiz we derýa ýollaryna çykalgasy bolmadyk Özbegistan Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga isleg bildirip gelýär.

Türkmenistan özüniň iň iri tebigy gaz müşderisi bolan Hytaýa iberýän gazyny ilkinji nobatda Özbegistanyň üstünden geçirýär. Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we Ç şahalary, galyberse-de bu geçirijiniň gurluşygy yzly-yzyna yza çekilýän D şahasy Özbegistanyň üstünden geçýär.

Öňki ýyllarda Türkmenistan öz gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana-da ibermegi teklip etdi.

Umuman, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iki goňşy döwlet, synçylara görä, birek-biregiň goldawyna mätäç galýar. Ýöne iki ýurduň arasynda hatda ýük ulag sürüjileri hem, wiza päsgelçiligi sebäpli, rahat gidip-gelip bilmeýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe sähel dartgynlaşan türkmen-özbek gatnaşyklary Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe täzeden janlanmaga başlady, galyberse-de, Özbegistanda Şawkat Mirziýoýewiň 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçmegi bilen has-da ysnyşdy.

2017-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bäş ýylyň içinde bir-birege 15 sany resmi, döwlet we iş saparlaryny amala aşyrdy, ençeme gezek telefonda gürleşdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň döwlet ýolbaşçysy wezipesine girişmeginden soňra ilkinji döwlet saparyny (üns beriň, döwlet saparyny resmi, iş, toý ýa-da zyýarat saparyny däl, döwlet saparyny) Özbegistana amala aşyrdy.

Ýatlasak, ol özüniň ilkinji resmi saparyny Russiýa Federasiýasyna, ikinji resmi saparyny Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrypdy.

Ýöne halkara gatnaşyklar boýunça bilermenler döwlet baştutanlarynyň daşary ýurt saparlaryna baha berenlerinde döwlet saparlarynyň köplenç simwoliki ähmiýete eýedigini, resmi saparlaryň bolsa, has pragmatiki maksatlara gönükdirilýändigini aýdýarlar.

Her niçik-de bolsa, türkmen sürüjileri Özbegistana geçmekde wiza päsgelçiligine sezewar bolýar. Iki ýurduň arasynda göni uçar, otly ýa-da awtobus gatnawlary ýok. Türkmen we özbek halklary hem özara gelim-gidimde wiza talaplaryna sezewar bolýarlar.

Türkmenistan uzynlygy 1793 kilometre barabar bolan iň uzyn serhedini Özbegistan bilen paýlaşýar. Özbegistanyň ikinji iň uzyn serhedi Türkmenistan bilen araçäkleşýär.Iki döwlet dünýäniň iri döwletleri bilen C5+ formatynda geçirilýän platformalarda hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle-de, öňki iki sowet halklary sowet taryhyna degişli umumy hakydany paýlaşýar.

Bularda başga-da, Özbegistan Türki Döwletler Guramasynyň agzasy, Türkmenistan hem bu guramanyň synçy agzasy.Iki ýurt GDA-nyň çäklerinde hem hyzmatdaşlyk edýär.Türkmenistan bu guramanyň asossirlenen agzasy.

Galyberse-de, iki ýurduň arasynda umumy medeniýet, umumy dil, umumy din, umumy taryh meňzeşligi bar.

Umumy gymmatlyklara garamazdan, türkmen we özbek halklary bir-birekden üzňe saklanýar. Resmi media serişdeleri ýurtlaryň arasynda umymy bähbitlere gönükdirilen özara gatnaşyklaryň ösdürilýändigini gaýtalaýar.

Türkmenistanly synçy özbek tarapynyň, şol sanda özbek metbugatynyň, gytaklaýyn hem bolsa, bar bolan käbir meseleleri gozgamaga çalyşýandygyny aýdýar.

"Türkmen tarapyndan tapawutly, özbek tarapy käte ykdysady meseleleri açyk ýa gytaklaýyn göterse-de, ol meseleleri soňuna çenli özara bähbitli çözmeklik ugrunda hereket etmäge henize çenli hem syýasy erk tapyp bilmedi. Şet-şet diýeniň bilen şetdaly bolmaýar ahyryn! Meseläniň bardygy aýdylýan bolsa, çözgüdinem aç-açan gözlemek zerur" diýip, synçy aýdýar.

Synçylar, hususan-da, soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri iki ýurduň arasynda yzygiderli gepleşikleriň geçirilýändigini ýöne bu gepleşikleriň degerli netije bermeýändigini aýdýarlar. Taraplaryň arasynda açyk gozgalmaýan meseleler esasan-da soňky bir ýylyň dowamynda has-da çylşyrymlaşypdyr.

“Soňky ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda çözülmedik çynlakaý meseleleriň bir toparynyň bardygyny köp sanly ekspertler, ýerli ýaşaýjylar we hatda gytaklaýyn özbek diplomaty hem tassyklaýar.Syýasy jähtden iki ýurduň arasynda resmi derejede ýolbaşçylaryň özara dostlukly, doganlyk gatnaşyklary bar diýilse-de, şu güne çenli iki ýurduň prezidentleri ýa emeldarlary şol duşuşyklarda çözülmesi möhüm bolan meseleleri resmi agzamaýarlar, metbugatyň soraglaryna jogap bermeýärler, bu hem bolsa syýasy gatnaşyklarda iş ýüzünde özara ynamyň we açyklygyň, açyk ýürekliligiň ýokdugyny görkezýär” diýip, türkmenistanly synçy aýdýar.

Bilermenlere görä, söwda-ykdysady jähtden seredilende, iki ýurduň arasynda tranzit, gümrük, serhet we wiza meseleleri bar: bu meseleleri çözmek ugrunda resmi tagallalar göze ilmeýär.

Medeni-ynsanperwer jähtden seredilende, Türkmenistanda ýüzlerçe müň etniki özbek öz ene dillerinde bilim almak ýaly medeni hukuklaryndan mahrum galýar. Dürli çaklamalara görä, Özbegistanda hem 200 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar. Käbir çeşmeler Türkmenistanda ýaşaýan özbek ilatynyň sanyny 300 müň 600 müň aralygynda çaklaýar.

“Ykdysady jähtden seredende, iki ýurduň arasyndaky tranzit, gümrük, serhet, wiza meseleleriniň çözülmeýändigini indi hat-da özbek metbugaty we resmileri hem gizläp duranoklar we yzly-yzyna ol meseleleri açyk we gytaklaýyn galdyryp başladylar.

Medeni we gumanitar jähtden bolsa, iki ýurduň arasyndaky iň uly meseleler - raýatlaryň özara baryp gelmegine girizilen berk wiza petigi, Özbegistandan Türkmenistana göçüp gelen raýatlara Türkmenistanyň raýatlygynyň, Türkmenistandan Özbegistana göçüp gelýän etniki özbekler üçin Özbegistanyň raýatlygynyň berilmegi we olaryň pensiýa, sosial üpjünçiligi, iki ýurduň arasyndaky ýolagçy awtobus, uçar we demir ýol gatnawynyň henize çenli dikeldilmezligi, Türkmenistandaky etniki özbekler üçin ene dilinde habar almak, şeýle hem bilim almak üçin mekdepleriň we ol mekdepler üçin mugallymlary taýýarlamak boýunça edilmeli işler ýatyr. Özbek tarapy käte iki ýurduň arasynda awtobus ýa uçar gatnawyny dikeltmek mümkinçiligini maslahat edilýändigini habar berse-de, bu meselede anyk hiç hili çözgüt tapylmaýar” diýip, türkmenistanly synçy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýerli synçy resmi Aşgabadyň çärýek asyr bäri dowam etdirýän ýapyklyk we üzňelik syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen arada bar bolan meseleleri aç-açan gozgap bilmeýändigini aýdar. Ol bu ugurda Daşkendiň işjeňligine bil baglaýar.

“Dogry, ählumumy dymyşlyk we hiç hili problemany dile getirmezlik bu türkmen tarapynyň çärýek asyrlyk keseli, ýöne özbek tarapy özüni dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna, ynsan hukuklaryna, halkara ykdysady we medeni hukuklaryna hormat goýýan agzasy hökmünde saýýan bolsa, türkmen tarapy bilen gatnaşyklarda şol açyklygy we adamkärçiligi öňe sürmäge borçludyr” diýip, synçy aýdýar.

Ol bar bolan meseleleriň çözgüdini tapmakda “syýasy erkiň” hem-de “özara ynanyşmagyň” ähmiýetini nygtaýar we bu zerurlyklaryň iki ýurduň ýolbaşçylaryna-da degişlidigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirýär.

“Iki ýurduň ýolbaşçylaryna hem syýasy erk we özara ynanyşmak gerekli bolup durýar” diýip, synçy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady
Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler
Türkmen žurnalistleri gadymy Efes şäheriniň medeni mirasyny öwrenýärler
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ