Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär

Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär

Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerinde şu gün irdenden bäri Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde aralarynda 6 çaga bolan azyndan 26 palestinaly öldürildi.

Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Beýt Hanun şäherçesinde artilleriýa toplary bilen guralan hüjümleriň netijesinde 2 palestinaly ýogaldy.

Gaza şäherinde guralan 3 aýry howa hüjüminde 21 palestinaly ýogaldy.

Gaza şäheriniň Az-Zeýtun etrapçasyndaky Zeýtun şehitleri mekdebine guralan hüjümde 2-si çaga, 1-i zenan jemi 5 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň Gaza zolagynyň ortasyndaky Al-Megazi bosgun düşelgesindäki öýleriň birine guran hüjüminiň netijesinde azyndan 2 palestinaly ýogaldy.

Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň Attar diýilýän ýerindäki bosgun düşelgesine guralan hüjümde bolsa 1 palestinaly ýogaldy.

Ysraýyl Gazada uruşyň başlan güni bolan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri öz ýaşaýan ýerlerinden gaýtmaga mejbur galan müňlerçe palestinalynyň sygynan mekdeplere hüjüm guramaga dowam edýär.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde azyndan 16 müň 715-i çaga, 11 müň 308-i zenan bolmak bilen 41 müň 108 palestinaly ýogaldy, 95 müň 280 palestinaly bolsa ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Ysraýylyň goşuny Gaza garşy başladan hüjümlerine 306 gün boldy
Ysraýyl goşuny Gazadaky hüjümleriniň gerimini giňeltdi
UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
BMG Möhüm Kararlardan Birini Kabul Etdi