Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär

Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 346 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 20 palestinalynyň ýogalandygy, 76 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 226 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 95 müň 413 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazada 966 Metjide Uly Zeper Ýetirdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 45 müň 553 adama ýetdi
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylary nyşana almaga dowam edýär
Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär