Genler grawitasiýa şertlerinde nähili hereket eder?

Genler grawitasiýa şertlerinde nähili hereket eder?

Türk älem giňişligi ýolagçysy Halkara Emeli hemra bekedinde amala aşyrjak ylmy işleriniň biri hem genleriň grawitasiýa şertlerinde nähili hereket etjekdigini gözden geçirer.

TRT TSR-da ýaýlyma berilýän Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Milli älem giňişligi maskatnamasynyň çäginde älem giňişligine gitjek türk älem giňişligi ýolagçylarynyň Mikro grawitasiýa bilen baglanşykly genetiki ylmy missiýa taslamasynyň üstünde durup geçeris.

Milli älem giňişligi maskatnamasynyň çäginde Respublikanyň 100-nji ýylynda älem giňişligine ugradyljak älem giňişligi ýolagçylary emeli hemra bekedinde uniwersitetler we ylmy-derňew edaralary tarapyndan taýarlanan 13 tapawutly ylmy barlag amala aşyrar. Şol barlaglaryň biri hem genleriň grawitasiýa şertlerinde nähili hereket etjekgi bilen baglanşykly bolar.

TÜBİTAK Älem giňişligi geçen birnäçe aý ozal türk älem giňişligi ýolagçysynyň älem giňişliginde geçiren wagtlarynda amala aşyrjak ylmy barlaglary kesgitlemek üçin Ylmy missiýa toparyna çagyryş berdi.

Uniwersitetlerden we ylmy derňew edaralaryndan ençeme taslama boýunça ýüz tutuldy. Şolaryň biri hem Mikro grawitasiýa şertleri bilen baglanşykly genetiki ylmy missiýa taslamasy boldy.

Taslamanyň maksady

Ileri tutulýan taslamada grawitasiýa gurşawynyň täsir ýetiren, entek açylmadyk genleriň anyklanmagy we älem giňişliginde, immun öýjükleriniň haýsylarynyň grawitasiýa şertlerinden gönüden täsir aljakdygynyň, CRISPR gen inženeriýa usullary bilen kesgitlenmegi maksat edinilýär.

Üsküdar uniwersitetiniň Transgen öýjük tehnologiýalary merkeziniň (TRGENMER) müdüri Dr. Jihan Taştan tarapyndan berilen maglumata görä, adamyň bedeninde bar bolan takmynan 25 müň geniň grawitasiýa bilen arabaglanşygy entek anyk ýagdaýda kesgitlenmedi.

Taslama nähili amala aşyrylar?

Türk älem giňişligi ýolagçysy wezipä başlamadan ozal we onuň dowamynda tapawutly günlerde öz-özünden gan alar. Dünýä gaýdyp gelende bolsa şol gan nusgalaryny merkeze tabşyrar. Şolaryň kömegi bilen öýjükleriň, esasan hem immun öýjükleriň, älem giňişliginde nähili hereket edendigi, rak ýaly hadysalara garşy nähili derejede göreş alyp barýandygy gözden geçiriler.

Islenýän netijeler gazanylsa näme bolar?

Şol işleriň üsti bilen adam genetikasynda gizlin galan genleriň grawitasiýanyň täsirinden çykan mahaly nähili hereket etjekdigi barlanar. Eger älem giňişligi gurşawynda rak öýjüklerine garşy has täsirli ýagdaýda öldürip bolýandygy barada subutnamalar ýüze çykan halatynda, älem giňişligi syýahatçylygynyň artmagy bilen älem giňişligine gitjek syrkaw adamlar has gysga wagtyň içinde gowlaşyp bilerler.

Geljekde saglyk syýahatçylygy bilen älem giňişligi syýahatçylygynyň birleşdirilmegi bilen, keselli adamlaryň belkem Halkara Emeli hemra bekedindäki hassahanalarda bejergi edilmegi ýaly mesele gün tertibe gelip biler.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Milli älem giňişligi maskatnamasynyň çäginde älem giňişligine gitjek türk älem giňişligi ýolagçylarynyň Mikro grawitasiýa bilen baglanşykly genetiki ylmy missiýa taslamasynyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Gazak alymy 10 ýyllap hazar düwlenlerini goramak ugrunda göreşýär
Aýak myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçilik töwekgelçiligi pes
ÝB ýangyçlaryň gazylyp alynýan görnüşlerinden "yzyna gaýtaryp bolmajak" ýagdaýda uzaklaşýar
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Emeli intellektiň maksady adamlaryň pikirlerine we duýgularyna gözegçilik etmek