General Motors 57 ýyldan bäri birinji gezek logotipini täzeledi

General Motors 57 ýyldan bäri birinji gezek logotipini täzeledi

“General Motors” kompaniýasy elektrik ulaglaryny öndürmegi ileri tutmak üçin täze strategiýanyň bir bölegi hökmünde, özüniň logotipini täzeledi. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Kompaniýanyň öňki logotipi - gök fonda, aşaky çyzykly "GM" baş harplary kän bir üýtgedilmezden, 57 ýyl bäri - ýagny 1964-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýärdi. "GM"-iň täze logotipindäki öňki baş harplar indi kiçi setir harplar bilen ýazylýar we tutuş logotip öňküsinden daşynyň aýlawy bilen has tapawutlanýar. "m" harpynyň aşagynda galan çyzyk Ultium batareýa tehnologiýasynyň wizual aňladylyşydyr, "m" bilen aşaky çyzygyň arasyndaky ak boşluk bolsa wilkanyň nyşanydyr diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Logotip täzelenmesi bilen bir hatarda, "GM" “Everybody In” mahabat kampaniýasyna başlady.Bu kampaniýa Ultium-yň utuşly taraplaryny görkezmegi we täze müşderileriň arasynda “elektrik ulaglarynyň ýaýramagyny çaltlaşdyrmagy” maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Meşhur klub adyny hem nyşanyny üýtgeder
Ilkinji hepdesinde 1 million nusgasy satyn alyndy
“Google”-de iň köp gözlenen filmler hem-de seriallar
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
Dabarany Keke Palmer alyp barar