General-maýor Bageri: Eýran-Orsýet gatnaşyklary çuňlaşmak we jebisleşmek ýolunda

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Eýran-Orsýet gatnaşyklary çuňlaşmak we jebisleşmek ýolundadyr diýdi.

Russiýa 24 habar ulgamy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bagheri Orsýetiň harby işgärleri bilen geçirilen geňeşmeler barada şeýle diýdi: Ikitaraplaýyn meselelerde söweş uçarlaryny, söweş dikuçarlaryny we tälim uçarlaryny satyn almak baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegi, tejribe alyşmak, güýç taýýarlamak ýaly käbir meseleler boýunça örän peýdaly gepleşikler geçirdik.

General Bageri Orsýetiň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy "Waleri Grasimow" bilen gurnaýjy we peýdaly gepleşikleri geçirendigine yşarat edip: Bu gepleşiklerde, hususan-da, Siriýada iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmegi we Siriýa doly howpsuzlygy üpjün etmek üçin terrorçylygy ýok etmek barada, Owganystan meselesi we Günorta Kawkazdaky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy we Eýran bilen Orsýetiň bu meseleler boýunça ýakyn pikirleri bardyr diýdi.

Ýaragly Güýçleriň Baş ştabynyň başlygy: Umuman aýdanyňda, Eýran bilen Orsýetiň arasyndaky ähli ugurlardaky gatnaşyklaryň mümkin boldugyça çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak ýolunda durýandygyny aýtmak gerek şeýle-de harby we goranyş meýdançalarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gaty gowy şertler höküm sürýär diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gras hoşboý ysly gülleriň şäheri
Stambul Ýewropada iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edýär
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
Moskwa: Orsýet Eýran bilen harby hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr