Gender deňligi ösüşiň möhüm açarydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik bitarap Watanymyz Türkmenistan gün saýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara giňişliginde ata watanymyzyň abraýyny arşa çykarmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem gender deňligini üpjün etmek boýunça alynyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler ýurdumyzda her bir raýatyň, hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň deň derejede berjaý edilmeginiň özeni bolup durýar.

Ata watanymyzda zenan sarpasy belentde tutulyp döwletimiz bu ugurda örän uly işleri alyp barýar. Gender deňligi bilen baglanyşykly birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Diýarymyzda aýallaryň we erkekleriň hukuklarynyň deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.Bu ugurda milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär, täze kanunlardyr namalar kabul edilýär.Muňa mysal hökmünde 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunyny görkezmek bolar.

Her bir raýatyň jynsyna garamazdan deň hukuklara we borçlara eýedigi ýurdumyzyň esasy kanunynyň 29-njy maddasynda hem öz beýanyny tapdy.

Mundan başgada Türkmenistanyň 2022-2024-nji ýyllar aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (“BMG Zenanlar”) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň bu meselä has ünsli çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, “BMG Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasydyr.Bu edara zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça dürli işler bilen meşgullanýan ähli edaralaryň işini sazlamak maksady bilen 2010-njy ýylda döredilendir.

Türkmenistanyň bu edaranyň agzalygyna kabul edilmegi, ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň alyp barýan işlerine zenanlaryň öz goşantlaryny goşmaga bolan mümkinçiliklerini has-da giňeltdi.

Ýurdumyzda adam hukuklarynyň doly derejede berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bägül ANNAÝEWA,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Pekin+30 konferensiýasyna gatnaşdy
Mejlisiň Başlygy Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda aýallaryň orny atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy
Balkan welaýat gümrükhanasynda gender meselesine bagyşlanan okuw çäresi geçirildi
“Garaýagyz Supermen” peýda bolar
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy