Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi

Indoneziýanyň Garaşsyzlyk güni ilkinji gezek ýurduň geljekki paýtagty – Borneo adasynda (Kalimantan) gurulýan Nusantara şäherinde geçirildi. 17-nji awgustda geçirilen dabara Prezident Joko Widodo, Ministrler Kabinetiniň agzalary we harby wekiller gatnaşdy.

Başlangyç meýilnama görä, baýramçylyk üçin Nusantara 8000 myhman gelmelidi, ýöne ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçiligi we dowam etdirilýän gurluşyk işleri sebäpli sanaw 2000 adama çenli azaldyldy.Bu wakadan öň Prezident Joko Widodo Nusantarada ilkinji hökümet ýygnagyny geçirdi.

Ilki Garaşsyzlyk gününde paýtagtyň resmi taýdan göçmegi meýilleşdirilipdi, ýöne gurluşyk işlerinde maýa goýumlarynyň ýetmezçiligi we beýleki meseleler sebäpli yza süýşürildi.

Prezident Joko Widodo 2019-njy ýylda ilatyň artmagy we şäheri suw basmak howpy bilen baglylykda, paýtagty Jakartadan Kalimantan adasyna göçürmek başlangyjyny öňe sürüpdi. 2022-nji ýylda badalga berlen bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 32 milliard dollar sarp edildi we ol 2045-nji ýylda doly gurlup tamamlanar. Häzirki wagtda taslamanyň bary-ýogy 20 göterimi durmuşa geçirildi.

Nusantaranyň esaslandyrylmagynyň sebäpleriniň biri-de, Jakartanyň topragy barha aşak çökýär. Hünärmenler ýene 25 ýyldan 11 million ilatly Jakartanyň demirgazyk böleginiň suwuň astyna gitmek ähtimallygy barada çaklaýarlar. Galyberse-de, Jakartada ilatyň we ulaglaryň çakdanaşa artýandygy bellenýär. Şäheriň köp bölegi eýýäm deňiz derejesinden pese düşüp, häli-şindi sil joşgunlaryny başdan geçirýär.

Nusantara paýtagt derejesini bermek baradaky karara oktýabr aýynda işe başlajak täze Prezident gol çeker. Daşky gurşawy goraýjylar şäheriň gurluşygynyň dünýäniň iň uly tropiki tokaýly sebitleriniň biriniň jeňňellikleriniň çapylmagyny çaltlandyryp biljekdigini duýdurýarlar. Täze paýtagtyň ady tejrime edilende “arhipelag” diýmegi aňladýar.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Indoneziýanyň täze paýtagtynda diňe ekologiýa taýdan arassa ulaglara rugsat berler
Balide G20 sammiti başlady
Balide G20-ligiň maslahaty dowam edýär
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar
Indoneziýa täze paýtagtyň döredilmegi üçin $2 mrld bölüp berer