Geljekde şäheriçi gatnaw nähili bolar?

Şäherleşmegiň ösmegi bilen häzirki günlerde gatnaw ulgamy kämilleşdirilýär.Ylym we tehnologiýa has çalt depgin bilen ösýär.Innowasion ösüşiň bu depgini bolsa ýakyn wagtda adamlara ulag serişdeleriniň has ösen görnüşlerinden peýdalanmaga ýol açar.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary atmosfera howasyna goşulýan zyýanly zyňyndylary azaltmagyň usullaryny tapmaga çalyşýarlar. Şeýle usullaryň biri hem elektrik ulaglaryna geçmekdir.Käbir ýurtlarda şeýle awtoulag satyn alýan müşderiler salgytdan boşadylýar.

Elektrikli ulaglar üçin zarýad beriş stansiýalary döredilip, zerur bolan ýeňillikler berilýär.

Şular bilen bir hatarda, geljekde pilotsyz uçýan taksiler hem meşhur bolar.Netijede, şäher ulaglary ekologiýa taýdan arassa bolar we ulag dyknyşygy hem azalar.Dürli kanunlaryň kabul edilmegi sebäpli benzin ýangyjyndan elektrikli ulaglara geçiş kem-kemden amala aşyrylar.

Mysal üçin, köp ýurtda 2030-njy ýa-da 2025-nji ýyldan başlap dizel we benzin hereketlendirijisi bolan ulaglar doly satuwdan aýrylar.

Elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň we beýleki jemgyýetçilik ulaglary üçin aýratyn ýollaryň döredilmegi hem şahsy awtoulaglaryň sürülişiniň azaldylmagyna getirip, howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga ýardam eder.

Oguljeren Hudaýnazarowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
23-nji aprel BMG-de iňlis diliniň güni
Bütindünýä pingwinler güni
“Eurovision” aýdym-saz bäsleşigi
“Aý-ýyldyzly” garpyz
Bütindünýä göçüp gidýän guşlar güni