Şanhaýyň Shanghai Institute of Science instituty Ýewropanyň akademiki neşirýat kärhanasy Springer Nature bilen bilelikde geljekde uly tehnologiki üstünlikleriň bolup biläýjek 10 şäherini belli etdiler. Bu barada if24.ru belläp geçýär.
Reýting dünýäniň iň uly 20 şäherinde işleýän 700 alymdan onlaýn pikir soraşmanyň esasynda düzüldi. Ylmy işgärlerden 2035-nji ýyla çenli tehnologiýada uly üstünlikleriň geljegi barada soraldy.
Ilkinji üç orny Hytaýyň şäherleri eýeledi. Ýagny: Birinji orunda Pekin.Pikir soraşmanyň dowamynda alymlaryň 13,6 göterimi dünýäde tehnologiki üstünlikler, ilkinji nobatda, bu şäherde, aýratynam, fizika, inžener tehnologiýasy we daşky gurşaw ylymlary (ekologiýa) ugurlarynda bolar diýip hasaplaýar.
Ikinji orunda Şanhaý (11,65% ses).Alymlar himiýany, lukmançylyk innowasiýalaryny, beýni ylmyny we gen inženeriýasyny bu şäherde üstünlik gazanmak üçin güýçli ugurlar diýip atlandyrdylar. Üçünji orunda Şençžen (11,08% ses). Şençžen şäheriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary emeli intellekt, 6G aragatnaşygy we “akylly şäher” konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegidir. Şäherleriň sanawy şeýle dowam edýär: San-Fransisko (ABŞ), Boston (ABŞ), Nýu-Ýork (ABŞ), Tokio (Ýaponiýa), Singapur, London (Beýik Britaniýa), Los-Anjeles (ABŞ). Şeýlelik bilen, geljegi uly şäherleriň 50%-i Günorta-Gündogar Aziýada, 40%-i ABŞ-da we 10%-i Ýewropada ýerleşýär.