Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi

Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi

Ýakyn wagtda dünýäniň awtoöndürijileri täze önümleri hödürlemegi meýilleşdirýärler.Bu barada car.ru habar berýär.Chevrolet Silverado elektrik pikapy 2021-2022-nji ýylyň gyş paslynyň ilkinji täze awtomobili bolar.

Tanyşdyrylyş dabarasy geljek ýylyň 5-nji ýanwarynda geçiriler.Bu awtomobil goşmaça zarýad bermezden 640 km ýoly geçip bilýär. 2022-nji ýylyň fewral aýynda ýaş alyjylar auditoriýasyna niýetlenen täzelenen elektrokar Hyundai Ioniq 6 görkeziler.

Tehniki maglumatlar heniz ýok. Ýöne kämilleşdirilen aerodinamikanyň hasabyna ýol ätiýajynyň 700 km çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Nemes awtoöndürijisi indiki ýylyň 3-nji ýanwarynda elektrikleşdirilen awtomobilleriň täze hatarynyň peýda boljakdygyny delillendirýän Mercedes Vision EQXX konseptini hödürlär. “Zarýadlanan” pikap Ranger Raptor hem gyşyň ýene bir täze modeli bolar. Awtomobil 2,7 litrlik 330 at güýjündäki enjam bilen üpjün edildi. Onuň bilen birlikde awtomatiki herekete geçiriji guty we doly herekete getiriji işleýär.

Suzuki Alto-nyň täze nesli bäşligi jemleýär.Bu model ilkinji gezek 1979-njy ýylda peýda boldy, şonuň üçin täzelenen nesil öndürijiniň çykarylýan awtomobilleri kämilleşdirip, olary bäsdeşlige ukyply edýändigini delillendirýär.

Awtomobiliň häzirki nesli model üçin hasap boýunça dokuzynjy bolar.Awtoulagyň kuzowy birneme burçly we has döwrebap bolar.Onuň uzynlygy 3 395 mm ýeter.Bu ondan öňdäki model bilen deňeşdirilende, 25 mm kiçidir. Ýöne awtomobiliň beýikligi 45 mm artdy we häzir bu parametr 1 525 mm ýetýär.

Awtomobiliň premýerasy şu ýylyň ahyrynda bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada uçýan awtoulaglar öndürilip başlandy
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Birinji orna çykaran ýeňiş
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Akylly şäherçe ulanylmaga berildi
Markes ýene-de ikinji