"Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýan türkmen ýaşlary Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna baryp gördi

"Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýan türkmen ýaşlary Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna baryp gördi

Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri-2024" forumy dowam edýär. Oňa gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň agzalary şu gün --- 19-njy maýda beýleki dostlukly ýurtlaryň ýaşlary bilen bilelikde Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherindäki arheologiýa muzeýine baryp gördüler. Foruma gatnaşyjylara bu täze muzeýdäki eksponatlar, olaryň aýratynlyklary, taryhy barada gürrüň berildi.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň merkezi Sianda ýerleşýän bu muzeý 2022-nji ýylda halk köpçüligi üçin açylýar. Onuň 5800 inedördül metr ýapyk hem-de 10 000 inedördül metr açyk sergi meýdançalary bar. Bu ýerde 5 müňden gowrak muzeý gymmatlyklary görkezilýär.

Hakyky gazuw-agtaryş sahnasyny şekillendirmek bilen, muzeýde halk köpçüligine arheologiki gözleg-barlag işlerine has ýakyndan syn etmäge mümkinçilik döretmek maksat edinilýär.

Günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary Sian şäherindäki Szýaoton uniwersitetine baryp gördüler.

Sian şäherindäki Szýaoton uniwersiteti 1896-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň häzirki zaman okuw binalary 2019-njy ýylda açylýar. Ýokary okuw mekdebinde 34 fakultet bolup, jemi 60 müňe golaý talyp, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem ýaşlaryň ençemesi okaýar.

Bu ýerde ynsanperwerlik ylymlary, tehnologiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet, inženerçilik, biologiýa, sungat ýaly dürli ugurlar boýunça ýaşlara jemi 76 hünär öwredilýär. Ýokary okuw mekdebinde professor-mugallymlaryň 3755-si talyplara bilim berýär.

Bu ýerde umumylykda jemi 6568 adam zähmet çekýär.

Uniwersitet bilen tanyşlykdan soňra, foruma gatnaşyjylar "tegelek stol" söhbetdeşligi görnüşinde özara pikir alyşmak duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurtlaryň ýaşlary öz işleýän ugurlary bilen baglylykda gürrüňdeş boldular we tejribelerini paýlaşdylar.

"Geljege köpri --- 2024" ýaşlar forumy Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmen wekiliýeti Sianda geçirilen ykdysady foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Sianda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň dialogy geçirildi