Mähriban watanymyzda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara we sebitleýin derejede ähli döwletler bilen köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelýär. Şolaryň biri hem köp umumylygy bolan ýakyn, köpasyrlyk dostumyz we hoşniýetli goňşymyz hem-de söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ygtybarly hyzmatdaşymyz Özbegistan Respublikasydyr.
Birek-birege ynanyşmak, özara hormat goýmak, kuwwatly ykdysady binýatlar, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, rowaçlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar esasynda türkmen-özbek halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň bähbidine döwletara, sebit derejesinde parlamentara, döwletara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär.
Edebi hyzmatdaşlyklar-doganlyk halklaryň medeniýetleriniň we milli däpleriniň umumylygyny, gadymdan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny öwrenmekde, özara bähbitli we deňhukukly binýadyny ösdürmekde, milli däp-dessurlarymyzyň köpdürlüligini wagyz etmekde, taryhy geçmişiň we häzirki döwrüň sazlaşygy üçin ygtybarly esaslaryny pugtalandyrmakda ilkinji we kuwwatly güýçleriň biri bolup hyzmat edýär.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň Gözel Şirgazy, Zamanydyr, Şypa ber, Hemhana gelendir we Harap eýlär atly şygyrlarynda jemi 20-ä golaý eserlerinde Demirgazyk Türkmenistan bilen bagly taryhy-jemgyýetçilik gymmatlyklaryna, sebitiň geçmişiniň dürli döwürleriniň durmuş ykballaryna degişli çeper wasp edilýän ajaýyp we gözel setirlerine duş gelmek bolýar. Ählihalk edebi diliň ösmegine, ynsanyň watançylyk mertebesiniň we ahlak kämilliginiň, milletiň sagdyn, abadan durmuşynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşan akyldar şahyryň bäş bentli ,Zamanydyr atly goşgusynda: Ýowuz perzent roýun görüp, Gelip men Hywadan ýörüp, Çöl içinde bedew sürüp, Geldim, hakyň permanydyr
Ýa-da dana filosofyň alty bentli ,Şypa ber atly goşgusynda: Dat eýläp tilimden kyldym pyganlar, Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar, Hywanyň ýurdynda ýatan jenanlar, Ýa Ysmamyt, är Pälwan, şypa ber!
-diýen setirlerinde duş gelýän Hywa sözi Demirgazyk Türkmenistan bilen baglydyr.Biziň durmuşymyzda Hywa sözi bilen baglanyşykly leksik aňlatmalar köp duş gelýär.Hywa şäheri Türkmenistanyň Görogly etrabynyň merkezinden 55 kilometr günorta gündogarda ýerleşýär.
Heýwak sözünden gelip çykan (manysy dury suwly çuň guýy diýmek) Hywa şäheri XVII asyrdan soňra sebitleriň taryhy sahnasynda paýtagt hökmünde has-da şöhratlanyp başlanýar. Şäher neşirýat, foto, kino işleri, kitaphana sungaty, sufizm, tarykat we tassawwuf amallary boýunça taglymatlaryň ösüşi, ýaýraýşy, gülçülik, hammam, dellekhana, kulalçylyk, hanaka, köşk, minara binagärçiligi hem-de Gündogar aşpezliginiň köpdürliligi boýunça Özbegistanda ilkinji, ilaty boýunça üçünji orunda durýar. Şäher 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe bolup, 1990-njy ýylda Hywadaky Içan-Kala toplumynyň çäklerindäki taryhy-arheologik, medeni ýadygärlikler toplumy YUNESKO-nyň bütindünýä ähmiýetli mirasynyň sanawyna goşuldy.
Bu şäher 1997-nji ýylda esaslandyrylmagynyň 2500 ýyllyk toýuny toýlady.
Hywa şäheriniň 40 kilometr uzaklykda günbatarynda mähriban watanymyzyň orta asyr Aksaraýdiň arhiologik-arhitektura ýadygärliginiň (Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşligi), Bedirkent galasynyň (Görogly etrabynyň B Öwezow adyndaky geňeşligi) gadymy, gür ilatly Buzgömen, Bäşatly, Wekil, Aýlak, Ahmetarna, Gurtguzlan, Wahymýer, Gyzylgum ýaly oturymly giň medeni oazisleriň (Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky geňeşligi), Lälezemata arheologik-arhitektura ýadygärliginiň (Görogly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky geňeşligi) kerwen ýollarynyň ugrunda Hywa tarapdan gelen argyşlaryň, täjirleriň köp düşlän esasy, baş nokatlary bolup hyzmat edipdir.
Hywa şäheri geçmişde Türkmenistanyň sebitlerinden halkara kerwen hatarlaryny 10 ugur boýunça kabul edipdir.Bu şäheriň günbatarynda Ysmamytata-Hywa, Yzmykşir-Hywa, Wasabat-Hywa, Şamahygala-Hywa, Köneürgenç-Hywa, Bedirkent-Hywa, Polosoltan-Hywa, Diregli-Hywa, Şasenemgala-Hywa, Şahabat-Hywa ýaly duralgalar, kerwensaraý düşelgeleri ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gadymy, uly, köpgatnawly, çar ýana uzan gadymy Ýüpek ýolynyň Köneürgenç menziliniň günorta şahasynyň Kesearkaç-Hywa, Merw-Hywa, Dehistan-Hywa, Amul-Hywa, Buhara-Hywa-Köneürgenç, Nusaý-Hywa, Abywert-Hywa, Diýarbekir-Hywa ugrundaky iň meşhur we iň iri merkezleri hökmünde tanalypdyr. Şäheriň 35 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Ürgençdäki Gündogar binagärliginiň nusgasynda gurlan ak mermerli täze Türkmen-özbek Dostluk öýüniň açylmagy, şäheriň merkezinde beýik türkmen şahyry, çeper söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we geçen asyrlaryň hakyky durmuşyna aralaşmak isleýän jahankeşdeleri özüne çekýän ,Turkmanlar mahallasi etrabynyň ýerleşmegi köpleri buýsandyrýar.
Hywa şäheriniň iň görnükli we gözel ýerleriniň biri hem Şirgazy han medresesidir. 1996-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Şirgazy han medresesiniň golaýynda Magtymguly Pyragynyň keşbiniň taryhy ýadygärlik heýkeli açyldy.
Goňşuçylyk medeniýetiniň janly we jadyly gözelliklerini özünde jemleýän Şirgazy han medresesine 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň saparynyň bolup geçmegi köpleri buýsandyrdy.Döwlet saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bu ylmy-medeni ojakda bolanda gelejekde bilelikde türkmen-özbek dostlugyna bagyşlap çeper filmi suratly şekillere düşürilse biziň halklarymyzyň baý mazmunly durmuş ýolunda täze umumy sahypalaryň açylmagyna uly badalga berjekdigini bellemegi köpleriň kalbyny ganatlandyrdy.