Geliň, oýnalyň!Tilki, tilki, sagat näçe?

Oýun oýnamak diňe bir beden taýdan däl, aň taýdan hem kämilleşmäge ýardam edýär. “Tilki, tilki, sagat näçe?” atly oýun hem dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalaryň iň söýgüli oýunlarynyň biridir.

Topar bolup oýnalýan oýunda çagalaryň arasyndan biri “tilki” saýlanýar.Muny sanawaç arkaly saýlap bilersiňiz!Beýleki oýunçylar tilkiden 20 ädim ýaly uzakda, hatar bolup durýarlar.Oýunçylar “Tilki, tilki, sagadyň näçe boldy?” diýip soraýarlar.

Tilki islendik bir sany aýdýar.Beýleki çagalar tilkiniň aýdan sany ýaly ädim ädýärler.Bu san 1-den 12-ä çenli bolmalydyr.Eger tilki kiçiräk san aýtsa, oňa golaý barýançalar gaýtadan sanap, ýöreýärler.

Tilkiniň yzyndaky çagalar ony ýuwaşjadan elleýärler we gaçyp başlaýarlar.Tilki kimi tutsa, şol hem tilki bolýar.Bu oýny ýadaýançaňyz oýnap bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Towuk we tilki
Towuklara han boljak tilki
Ýeňijiler mälim edildi
Pudaklaýyn žurnalyň täze sanynda ekologiýa medeniýetiniň dürli ugurlary beýan edilýär
Alp Arslan adyndaky drama teatry ýaşajyk tomaşaçylary Täze ýyl ertekisi bilen begendirdi