Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy

Gelin gelýär atly täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlyk etmeginde Towşan Esenowanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan Gelin gelýär atly sahna eseriniň ilkinji görkezilşi boldy.

Türkmenistan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda tomaşaçylara baýramçylyk sowgady hökmünde hödürlenen täze sahna eseri türkmenistanlylar üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.Onda beýan edilýän wakalar durmuşda dürli häsiýetdäki we düşünjedäki adamlaryň bardygyny görkezýär.

Oýnuň başynda ýokary okuw mekdebinde hukuk hünäri boýunça bilim alan Ülker bilen onuň ýoldaşy Gündogdy ogluny öýerýärler.Toýuň dowam edýän pursady bolsa Ülker özüniň ýaşlyk ýyllaryna, ýagny 80-nji ýyllara dolup, durmuşda bolan bir wakany ýatlaýar.

Gündogdy bilen Ülkeriň toý edýän güni Jennet bilen Gurtmyrat atly ýene bir jübüt toý edýär.Iki gelin ýolagçy otlusynda bir ýerde oturýarlar. Şol wagt hem Jennet Ülkeriň hukukçydyny öwrenip, ondan özüne kömek etmegini soraýar. Ýagny Jennet Gala atly bir oglany söýýär, ol bolsa harby gullukda.

Jennediň ejesi bolsa gyzyny telpegi agan Gurtmyrada durmuşa çykýarlar.Jennet Ülkere Gurtmyrat bilen durmuş gurmak islemeýändigini aýdanda Ülker oňa kömek etmek maksady bilen, Jennediň eline bir hat berýär-de, ony Gündogda bermegini haýyş edýär. Şeýdip hem ýolagçy otlusynda iki gelniň ýeri çalşylýar.

Haçanda toý sowlandan soň, Gurtmyrat iki gelniň ýolagçy otlusynda çalşylanyny bilip çykgynsyz ýagdaýda galýar. Şol wagt hem Ülkeriň söýgülisi Gündogdy bilen Jennet öýlerine gelýärler.Spektaklyň şu ýerinde wakalar çylşyrymlaşýar.

Soňlugy bilen Ülker bilen Gündogdy Gurtmyradyň ejesine özüniň edýän hereketiniň nädogrydygyny birnäçe anyk mysallaryň üsti bilen düşündirýär. Şu wakalaryň üstüne hem harby gulluk borjuny berjaý edip ýören Jennediň halaýan ýigidi Gala gelýär.

Ol hem şu duran adamlara Jennedi tüýs ýürekden söýýändigini, onuň bilen bagtly durmuşda ýaşamak isleýändigini aýdýar.Umuman aýdanyňda oýnuň dowamyndaky çylşyrymly pursatlar, birnäçe gapma-garşylyklar bolýar. Ýöne näçe kynçylyk hem bolsa päk söýginiň ähli kynçylyklardan üstün çykýandygy sahnanyň dowamynda beýan edilýär.

Gelin gelýär atly sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa Aýsadabyň, artistler Artyk Artykow Gündogdynyň, Selbi Babylowa Ülkeriň, Selbinýaz Berdiýewa Ýamanja daýzanyň, Gurbangözel Akmyradow Jöwzanyň, Suraý Seýidowa Abadanyň, Perhat Babaýew Gurtmyradyň, Ysmaýyl Jommukow Daýanjyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mahym Nuryýewa Jennediň keşplerinde çykyş edýärler.

Oýnuň sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, egin-eşik bezegini Güljemal Saparowa, saz bezegini Magtymguly Saparow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir.Oýnuň režissýorynyň assisenti Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikow, režissýoryň kömekçisi bolsa Gülälek Meläýewa bolup, oýnuň dowamyndaky sport tanslaryny teatryň ýaş artist gyzlary ýerine ýetirdi.

Tansçylara bu ugurdan tälim beren Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Gahryman Mamedowdyr.

Ýene degişli makalalar

Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
Sungata ömrüni baglan
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
Koronawirus epidemiýasy howply bolmgynda galýar
Russiýada Kowid-19 ýokanlaryň sany 4 million 12 müň adama ýetdi
Hindistanda Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 10 million 831 müň 379 adama ýetdi